Skip to content

er siz diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb sizi ýer ýüzündäki ähli halklardan beýgelder.
Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak assaňyz, üstüňize bereket ýagyp, sizi bereket gurşap alar.
Galalaryňyza hem, atyzlaryňyza hem bereket ýagar.
Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar.
Sebediňiz doly bolar, saçagyňyz bereketli bolar.
Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem bereketli bolarsyňyz.
Reb size garşy baş göteren duşmanlaryňyzy siziň öňüňizde derbi-dagyn eder. Olar siziň üstüňize bir tarapdan çozup, yzlaryna çar tarapdan gaçarlar.
Reb siziň ammarlaryňyza, başlan her bir işiňize bereket inmegi üçin buýruk berer. Hudaýyňyz Reb özüňize berýän ýurdunda sizi ýalkar.
Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetirip, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Reb söz berşi ýaly, sizi Özüniň aýratyn halky eder.
10 Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Rebbiň ady bilen çagyrylandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar.
11 Ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda ýaşanyňyzda, Reb siziň örňäp ösmegiňizi, mal-garalaryňyzyň artmagyny we topragyňyzyň hasylyny bolluk bilen eçiler.
12 Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz.
13 Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen size berýän buýruklaryna boýun egip, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Reb sizi aýakda däl-de, başda goýar.
14 Başga hudaýlara gulluk etmek üçin, olaryň yzyna düşmeseňiz, meniň bu günki berýän buýruklarymyň hijisinden ýüz öwürmeseňiz, olardan saga-sola sowulmasaňyz, siz diňe belentde bolarsyňyz, pesde bolmarsyňyz».
15 «Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn.
16 Galalaryňyza, atyzlaryňyza nälet bolsun.
17 Sebediňize, saçagyňyza nälet bolsun.
18 Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.
19 Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem size nälet bolsun.
20 Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz.
21 Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer.
22 Reb size inçe keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.
23 Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky ýer bolsa demre döner.
24 Reb ýeriňize ýagdyrýan ýagşyny tozana öwrer. Siz doly gyrylýançaňyz, üstüňize asmandan diňe gum ýagar.
25 Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapdan gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.
26 Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz.
27 Reb size Müsürdäki görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz.
28 Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar.
29 Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, emma siziň dadyňyza hiç kim ýetmez.
30 Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz.
31 Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma onuň etinden iýmersiňiz. Edil gapdalyňyzda eşegiňizi ogurlarlar, emma yzyna getirmezler. Goýunlaryňyzy duşmanlaryňyza bererler. Size kömek eden bolmaz.
32 Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz.
33 Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.
34 Siziň gözüňiz bilen görjek görgüleriňizden ýaňa, akylyňyz çaşar.
35 Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar.
36 Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.
37 Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.
38 Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder.
39 Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer.
40 Siziň tutuş ýurduňyzda zeýtun agaçlary gögerer, emma siz özüňize zeýtun ýagyny çalmarsyňyz, çünki onuň miwesi ýere döküler.
41 Ogullaryňyz we gyzlaryňyz bolar, emma siz olary ýitirersiňiz, çünki olar ýesir edilip äkidiler.
42 Ähli agaçlaryňyzyň we ekin meýdanlaryňyzyň hasylyny çekirtgeler iýip gider.
43 Araňyzda ýaşaýan gelmişekler sizden has ýokary göteriler, siz bolsa kem-kemden pese düşersiňiz.
44 Olar size karz bererler, emma siz olara karz berip bilmersiňiz. Olar başda bolarlar, siz bolsa aýakda galarsyňyz.
45 Şu näletleriň ählisi size siňip, tä ýok bolýançaňyz, sizi gurşap alar. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmän, bu gün Onuň size meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetirmediňiz.
46 Bu külpetler siziň we nesilleriňiziň arasynda başga halklar üçin hemişelik alamat we mugjyza bolsun.
47 Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz.
48 Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.
49 Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.
50 Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez.
51 Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar.
52 Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar.
53 Duşmanyňyz siziň daşyňyzy gabap, çykgynsyz ýagdaýa salanda, siz açlykdan ýaňa öz bagryňyzdan önen perzentleriňizi – Hudaýyňyz Reb tarapyndan berlen ogul-gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz.
54 Araňyzdaky iň mylaýym we eli açyk adam barja iýmitini öz doganyndan, söýgüli aýalyndan, diri galan çagalaryndan gysganar.
55 Ol çagalarynyň etinden olaryň hijisine bermez, sebäbi duşman ähli galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, olara iýmäge hiç zat galmaz.
56 Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar.
57 Duşmanyňyz galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, şol aýal dogranyndan soň, hatda satanynyň arasyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny gysganyp, öz dogran çagalaryny hem açlykdan ýaňa ogrynça iýer.
58 Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz,
59 onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder.
60 Ol siziň Müsürde wagtyňyz sizi gorkuzan ähli keselleriňizi siziň başyňyzdan inderer. Ol keseller size ornaşyp galar.
61 Hatda şu Kanun kitabynda ýazylmadyk beýleki ähli ýokanç keselleri we dertleri, tä siziň baryňyz gyrylýançaňyz, Reb siziň başyňyzdan inderer.
62 Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz.
63 Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz.
64 Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.
65 Ol halklaryň arasynda siz janyňyza aram tapmarsyňyz we aýagyňyzyň dynjyny almaga ýer tapylmaz. Ol ýerde Reb size bükgüldeýän ýürek, kütelen gözler we synan göwün berer.
66 Janyňyz suw üstünde bolar. Gije-gündiz siz gorkuda bolup, sizde ýaşaýşa hiç hili umyt bolmaz.
67 Ýüregiňizi gaplajak gorky we gözüňiziň görjek zatlary sebäpli, ertirlerine siz: „Wah, tizräk agşam düşsedi!“ diýersiňiz, agşamyna bolsa: „Wah, tizräk daň atsady!“ diýersiňiz.
68 Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz». ‎

ne, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr.
Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, fyrowna, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.
Ol gudratly synaglary, alamatlary we beýik mugjyzalary öz gözüňiz bilen gördüňiz.
Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.
Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi.
Siz çörek iýmediňiz, meý-şerap içmediňiz. Men muny Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi biliň diýip etdim“ diýdi.
Bu ýere geleniňizde, Heşbonyň hany Sihon we Başan ýurdunyň hany Og biziň garşymyza söweşe çykdylar, emma biz olary derbi-dagyn etdik.
Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşe ýarym tiresine mülk edip berdik.
Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.
10 Bu gün tire baştutanlaryňyz, ýaşulularyňyz, ýolbaşçylaryňyz, Ysraýylyň ähli erkekleri,
11 siziň çagalaryňyz, aýallaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler, odunyňyzy çapýanlar, suwuňyzy daşaýanlar – ähliňiz bu ýere üýşüp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda dursuňyz.
12 Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz.
13 Çünki Ol size we ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz berşi ýaly, bu gün Ol sizi Öz halky edip alar we Hudaýyňyz bolar.
14 Hudaýymyz Reb bu gün biziň ýanymyzda – Öz huzurynda duranlar bilen däl-de,
15 eýsem bolmadyklar bilenem wada edip äht baglaşýar.
16 Müsürde nähili ýaşandygymyzy, dürli halklaryň arasyndan ötüp-geçip, bu ýere nä günlük bilen gelendigimizi bilýänsiňiz.
17 Siz olaryň arasynda agaçdan, daşdan, altyndan we kümüşden ýasalan nejis butlary gördüňiz.
18 Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýyňyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.
19 Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)
20 Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.
21 Bu Kanun kitabynda ýazylan ähtiň ähli näletleri boýunça, olar betbagtçylyga duçar bolar ýaly, Reb olary Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan aýratyn goýar.
22 Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderşini görüp:
23 „Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.
24 Ähli halklar: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar.
25 Olar şeýle netijä gelerler: „Munuň sebäbi şudur: ysraýyllar özlerini Müsürden çykaryp getiren ata-babalarynyň Hudaýy Reb bilen baglaşan ähtini ret etdiler.
26 Olar Rebden ýüz öwrüp, başga hudaýlara gulluk etdiler. Özleriniň tanamaýan we Rebbiň olara sežde etmäge ygtyýar bermedik hudaýlaryna sežde etdiler.
27 Şonuň üçin hem Rebbiň bu ýurda gahary gelip, bu kitapda ýazylan ähli näletleri bu ýurduň üstünden ýagdyrdy.
28 Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.
29 Gizlin syrlar Hudaýyňyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir». ‎

en siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen halklarynyň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz
we Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, meniň bu günki size tabşyryşym ýaly, özüňiz hem, çagalaryňyz hem tutuş ýüregiňiz, janyňyz-teniňiz bilen Oňa gulak assaňyz,
diňe şonda Hudaýyňyz Reb sizi täzeden dikeldip, size rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.
Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer.
Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyzyň mülk ýerine elter. Siz ol ýeri eýelärsiňiz. Ol ata-babalaryňyza garanda, size has köp bereket berip, sanyňyzy has-da artdyrar.
Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, janyňyz-teniňiz bilen söýüp ýaşarsyňyz.
Hudaýyňyz Reb bu ähli lagnatlary duşmanlaryňyza we size zulum eden garşydaşlaryňyzyň üstüne ýagdyrar.
Şondan soň siz ýene-de Rebbe gulak asarsyňyz, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny ýerine ýetirersiňiz.
Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak goýup, şu Kanun kitabynda ýazylan Onuň tabşyryklarydyr parzlaryny berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Rebbe tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen dolansaňyz, Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, ogul-gyzyňyz köp bolar, mal-garalaryňyzyň sany artyp, ýeriňiziň hasyly bol bolar. Çünki Reb ata-babalaryňyza ýagşylyk edeninde lezzet alşy ýaly, size ýagşylyk edeninde hem lezzet alar».
11 «Hakykatdan-da, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýrugy siziň üçin kyn däl ýa-da el ýetmez ýaly gaty uzakda däl.
12 „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin asmana çykyp, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol asmanda däldir.
13 Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.
14 Ýok, bu sözler size juda ýakyndyr. Ýerine ýetirmegiňiz üçin bu siziň agzyňyzda we ýüregiňizdedir.
15 Ine, bu gün men siziň öňüňizde ýaşaýyş we ýagşylyk, ölüm we ýamanlyk goýýaryn.
16 Meniň bu gün tabşyryşym ýaly, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Onuň tabşyryklaryny, parzlarydyr hökümlerini berjaý etseňiz, onda siz ýaşarsyňyz we köpelersiňiz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizde Hudaýyňyz Reb sizi ýalkar.
17 Emma siz ýüregiňiz Ondan dönüp, gulak asman ýoldan çykyp, başga hudaýlara sygynyp gulluk etseňiz,
18 onda tutuşlaýyn heläk boljakdygyňyzy bu gün size jar edýärin. Iordan derýasyndan geçip, mülk edinjek ýeriňizde uzak ýaşamarsyňyz.
19 Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar.
20 Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir». ‎

usa ähli ysraýyl halkynyň öňünde sözüni soňlap, şeýle diýdi:
«Men häzir bir ýüz ýigrimi ýaşymda. Mundan beýläk men baştutan bolup biljek däl. Reb maňa: „Sen Iordandan aňry geçmersiň“ diýdi.
Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer.
Reb amorlaryň hany Sihon bilen Ogy öldürip, olaryň ýurduny weýran edişi ýaly, bu halklary hem şeýle eder.
Reb olary size tabşyrar, siz hem olary meniň buýruşym ýaly edersiňiz.
Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».
Soňra Musa Ýeşuwany çagyryp, ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda şeýle diýdi: «Dözümli we mert bol, çünki Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna bu halk bilen gitjek ýeke-täk sensiň. Bu ýurdy olara mülk edip paýlap berjek hem diňe sensiň!
Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»
Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.
10 Musa olara şeýle buýruk berdi: «Her ýedinji ýylyň – karzlaryň geçilýän ýylynyň ahyrynda, Çatma baýramynda,
11 ähli ysraýyllar Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna, Onuň Öz saýlajak ýerine gelenlerinde, siz şu Kanuny ähli ysraýyllara eşitdirip okaň.
12 Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler.
13 Bu Kanuny bilmeýän olaryň çagalary hem Iordan derýasynyň aňyrsyndaky mülk ýerlerinde ýaşanlarynda muny eşidip, Hudaýyňyz Rebden gorkmagy öwrensinler».
14 Reb Musa: «Seniň ölmeli wagtyň golaýlaşdy. Ýeşuwany çagyr-da, ikiňiz hem Maňa ýüz tutulýan çadyra baryň, Men onuň etmeli wezipesini tabşyrjak» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Ýeşuwa ikisi Rebbe ýüz tutulýan çadyra bardylar.
15 Reb çadyrda bulut sütüni görnüşinde peýda boldy. Bulut sütüni çadyryň girelgesinde durdy.
16 Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki hudaýlara, öz aralaryndaky keseki hudaýlara baglanyp, ahlaksyzlyga ýüz urar. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.
17 Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.
18 Olaryň başga hudaýlara tarap öwrülip, eden ähli erbetlikleri üçin, şol gün Men olardan hökman ýüz öwrerin.
19 Şonuň üçin hem indi bu aýdymy ýazyp alyň we ysraýyllara öwrediň, olar okasynlar. Şonda bu aýdym Maňa ysraýyllaryň garşysyna şaýat bolar.
20 Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.
21 Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada eden ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».
22 Edil şol gün Musa bu aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi.
23 Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.
24 Musa bu Kanuny onuň iň soňky sözüne çenli ýazyp gutardy
25 we Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewilere şeýle buýruk berdi:
26 «Bu Kanun kitabyny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň ýanynda goýuň. Goý, ol şol ýerde size garşy şaýat bolup galsyn.
27 Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!
28 Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri eşitdirip, olara aýtjak. Goý, asman bilen Ýer olara garşy şaýat bolsun.
29 Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Wagt gelip, başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».