Skip to content

Matta 21:23 – 23:39

Isanyň ygtyýary hakda sorag

23 Isa ybadathana gelip, sapak berip durka, baş ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler.
24 Isa olara jogap berip diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak, Maňa jogap berseňiz, Men hem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn.
25 Ýahýanyň çokundyrmasy niredendi? Gökdenmi ýa ynsandan?» Olar-da özara pikir alşyp diýdiler: «Biz: „Gökden” diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin oňa iman getirmediňiz?” diýer.
26 „Ynsandan” diýmäge-de halkdan gorkýarys, çünki hemmeler Ýahýany bir pygamber saýýar».
27 Olar Isa şeýle jogap berdiler: «Biz bilmeýäris». Isa-da olara şeýle diýdi: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaýaryn».
28 Siz näme diýýärsiňiz? Bir adamyň iki ogly bar eken. Ol birinjisine baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümlikde işle” diýýär.
29 Ol hem jogap berip: „Gitjek däl” diýýär. Ýöne soň ökünip gidýär.
30 Ýaňky adam ikinjisine baryp şol sözi aýdýar; ol: „Bolýar, aga” diýýär, ýöne gitmeýär.
31 Bularyň ikisinden kakasynyň islegini ýerine ýetiren haýsysy?» Olar: «Birinjisi» diýdiler. Isa olara diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylardyr kemçinler Hudaýyň Patyşalygyna sizden öň girer.
32 Çünki Ýahýa siziň ýanyňyza dogrulyk ýoly bilen geldi, siz oňa ynanmadyňyz, ýöne salgytçylar, kemçinler oňa ynandylar. Siz muny göreňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz».
33 Ýene bir tymsala gulak asyň: Öý eýesi bolan bir adam bar eken. Ol üzüm agaçlaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar we bir üzüm sykylýan çukur gazýar, bir diň salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär.
34 Hasyl wagty golaýlanda, miwesini almak üçin hyzmatkärlerini bagbanlara iberýär.
35 Bagbanlar onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýençýärler, birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar.
36 Üzümligiň eýesi öňküden köp hyzmatkär iberýär. Bagbanlar olara-da öňkülere edenlerini edýärler.
37 Soňunda üzümligiň eýesi: „Oglumy sylarlar” diýip, öz ogluny iberýär.
38 Bagbanlar onuň ogluny görenlerinde, biri-birlerine: „Mirasdar şu, geliň, muny öldüreliň, miras bize galar” diýişýärler.
39 Ony tutup, üzümlikden daşaryk taşlap öldürýärler.
40 Indi üzümligiň eýesi gelende bu bagbanlara näme eder?»
41 Olar Isa diýdiler: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar edip, üzümligi möwsüminde miwesini özüne berjek bagbanlara ekerine berer».
42 Isa olara şeýle diýdi: «Siz Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy. Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik” diýen sözi asla okamadyňyzmy?
43 Munuň üçin size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler.
44 Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar, ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».
45 Baş ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, özleri hakda gürrüň edýänini aňdylar.
46 Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, çünki halk Isany pygamber saýýardy.

sa olara ýene-de tymsallar bilen gürrüň berip, şeýle diýdi:
Gögüň Patyşalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa ýalydyr.
Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, ýöne çagyrylanlar gelmek islemeýärler.
Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara şeýle diýýär: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men naharymy taýýarladym, öküzler, semiz mallar soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler”.
Emma olar ähmiýet bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna, ýene biri öz söwdasynyň ugruna çykýar.
Beýlekiler-de onuň hyzmatkärlerini tutup, horlaýarlar, olary öldürýärler.
Şeýlelikde, patyşa gazaplanyp, goşun ýollaýar-da, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.
Onsoň hyzmatkärlerine diýýär: „Toý taýýar, ýöne çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken.
Ýol çatryklaryna baryň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň”.
10 Bu hyzmatkärler hem ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmandan dolýar.
11 Patyşa myhmanlara seretjek bolup içerik girende, toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär.
12 Oňa diýýär: „Eý dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nähili girdiň?” Ýöne ol sesini çykarmaýar.
13 Onsoň patyşa hyzmatkärlere diýýär: „El-aýagyny baglaň-da, ony daşaryk, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar”.
14 Çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr».
15 Onsoň fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat geçirdiler.
16 Hirodesçiler bilen öz şägirtlerini Isanyň ýanyna iberip diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýändigiňi, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.
17 Indi bize aýt, Sen näme diýýärsiň, kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi?»
18 Isa olaryň ýaman niýetlerini bilip diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý ikiýüzlüler?
19 Maňa salgyt puluny görkeziň». Olar hem Oňa bir dinar getirdiler.
20 Isa olara: «Şu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi.
21 Olar: «Kaýsaryňky» diýdiler. Şonda Isa olara: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.
22 Olar muny eşidenlerinde haýran galyp, Onuň ýanyndan gitdiler.
23 Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler şol gün Isanyň ýanyna gelip, Oňa sorag berdiler:
24 Mugallym, Musa: „Eger bir adamyň zürýady bolman ölse, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir” diýipdir.
25 Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy.
26 Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli şeýle boldy.
27 Olaryň hemmesinden soň hem aýal öldi.
28 Indi, ölüler direlende, bu aýal ol ýedi doganyň haýsysynyň aýaly bolar? Çünki hemmesi ony alypdy».
29 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary, Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşýarsyňyz.
30 Ölüler direlenlerinde öýlenmän, äre çykman, Hudaýyň Gökdäki perişdeleri ýaly bolarlar.
31 Ölümden direlmä gelenimizde bolsa, siz Hudaýyň özüňize:
32 „Men Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy, Ýakubyň Hudaýydyryn” diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr».
33 Märeke muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.
34 Fariseýler Isanyň saddukeýleriň sesini çykartmanlygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar.
35 Olardan bir kanunçy Isany synamak üçin:
36 «Mugallym, kanunda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady.
37 Isa oňa şeýle diýdi: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý”.
38 Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr.
39 Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý”.
40 Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».
41 Fariseýler ýygnanyşyp durkalar, Isa olardan:
42 «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň Ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň Ogly» diýdiler.
43 Isa olara şeýle diýdi: «Onda, näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Oňa Reb diýip:
44 „Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, Meniň sagymda otur” diýýär?
45 Eger Dawut Oňa Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?»
46 Hiç kim Isa jogap berip ýekeje söz hem aýdyp bilmedi, şol günden beýläk hiç kim Ondan bir zat soramaga ýürek etmedi.

nsoň Isa halka, Öz şägirtlerine şeýle gürrüň berdi:
Kanunçylar bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar.
Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetiriň, berjaý ediň, ýöne olaryň edenlerini etmäň, çünki aýdyp-da, özleri edýän däldirler.
Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin bir barmaklaryny hem gymyldatmak isleýän däldirler.
Olar edýän ähli zatlaryny göz üçin edýändirler. Doga gutularyny giňeldip, geýimleriniň pürçügini uzaldýandyrlar.
Zyýapatlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri,
bazar ýerinde salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym” diýmegini söýýändirler.
Siz özüňize „mugallym, mugallym” diýdirmäň, çünki siziň Mugallymyňyz birdir, siziň baryňyz dogansyňyz.
Ýer ýüzünde hiç kime „Ata” diýmäň, çünki siziň Ataňyz birdir, Ol Gökdedir.
10 Özüňize „Ýolbaşçy” diýdirmäň, çünki siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir.
11 Ulyňyz hemmäňize hyzmatkär bolsun.
12 Çünki özüni beýgelden peseler, özüni peselden beýgeler.
13 Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz Gögüň Patyşalygyny adamlara baglaýarsyňyz, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.
14 Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin siz has agyr jeza sezewar bolarsyňyz.
15 Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki birje adamy öz diniňize girizjek bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Girizeniňizde bolsa, ony özüňizden iki esse dowzah ogly edýärsiňiz.
16 „Biriniň ybadathanadan ant içmegi möhüm däl, ýöne kim ybadathananyň gyzylyndan ant içse, öz antyna daňylgy bolar” diýýän kör ýol görkezijiler, waý günüňize!
17 Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gyzylmy ýa gyzyly mukaddes edýän ybadathana?
18 Ýene: „Biriniň gurbanlyk edilýän ýerden ant içmegi möhüm däl, ýöne kim onuň üstündäki gurbandan ant içse, öz antyna daňylgy bolar” diýýärsiňiz.
19 Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gurbanmy ýa gurbany mukaddes edýän gurbanlyk ýeri?
20 Gurbanlyk edilýän ýerden ant içýän ondan hem onuň üstündäki zatlaryň hemmesinden ant içýändir.
21 Ybadathanadan ant içýän ondan we onuň içinde mekan tutan Hudaýdan ant içýändir.
22 Gökden ant içýän Hudaýyň tagtyndan we onuň üstünde Oturandan ant içýändir.
23 Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz narpyzdan, anisden we zireden zekat berip, kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz. Bu zatlary etmeli, beýlekileri-de taşlamaly däldiňiz.
24 Eý çybyny süzüp aýryp, düýäni ýuwudýan kör ýol görkezijiler!
25 Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, olaryň içi bolsa ogurlyk hem nebisjeňlikden doly.
26 Eý, kör fariseý! Käsedir gap-çanagyň daşy-da arassa bolar ýaly, öňinçä içini arassala.
27 Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, ýöne içi ölüleriň süňkleri we her tüýsli murdarlykdan doly mazarlarsyňyz.
28 Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, ýöne içiňiz ikiýüzlülikden, erbetlikden doly.
29 Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz pygamberlere mazarlar salyp, dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp:
30 „Biz atalarymyzyň günlerinde bolan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk” diýýärsiňiz.
31 Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz.
32 Onda, atalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň!
33 Eý ýylanlar we alahöwrenler nesli! Dowzah höküminden nähili gaçjak?
34 Şoňa görä, ine, Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini-de sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere kowalarsyňyz.
35 Şeýlelikde, dogry adam bolan Habylyň ganyndan tä ybadathana bilen gurbanlyk edilýän ýer arasynda öldüreniňiz Berekýanyň ogly Zekerýanyň ganyna çenli, her dogry adamyň ýer ýüzünde dökülen ganyna siz jogapkärsiňiz.
36 Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir.
37 Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz.
38 Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar.
39 Çünki size aýdýaryn, siz „Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun” diýene deňeç Meni gaýtadan görmersiňiz».